Ukraina: "Russiýanyň hüjüme taýyarlyk görülýändiginden habarlydy" diýdi

Ukrainanyň Baş razwedka gullugynyň müdiri Kirill Budanow, Russiýanyň Krokus Siti Holl konsert zalyndaky terrorçylykly hüjümden 15-nji fewraldan bäri habarynyň bardygyny öňe sürdi

2121630
Ukraina: "Russiýanyň hüjüme taýyarlyk görülýändiginden habarlydy" diýdi

Kirill Budanowyň aýtmagyna görä Russiýanyň razwedkasy hüjümçileriň nireden geljekdigi, Russiýa Federasiýasyna haýsy iki ýurtdan girjekdigi ýaly jikme-jikliklerden ozaldan habary bardy. 

Kirill Budanow: "Iň bolmanda 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan bäri Russiýanyň hüjüme taýyarlyk görülýändiginden habarlydy. Has giňişleýin aýdaýyn - bu maglumatlar guramanyň Siriýanyň aňtaw gullugyndan geçip, Moskwa ýetirilipdi" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Baş razwedka gullugynyň müdiri Kirill Budanow Russiýanyň hüjüme näme sebäpli göz ýumandygy bilen bagly 2 çaklamany öňe sürdi: "Birinjisi: Kremliň galalaryndaky öwrenşilen söweşleriň biri-ýagny birnäçe adamy wezipesinden çekdirmek üçin guralan bolup biler. Ikinjisi: Boljak zatlaryň ululygyny hasaplap bilmediler. Has kiçiräk zada garaşýardylar, soň bolsa Ukrainany günäkärlejekdiler" diýip mälim etdi. 

22-nji martda birnäçe adamdan ybarat bolan terrorçy topar Krokus Siti Holl konsert zalynda tomaşaçylara ot açypdylar we binany ýakypdylar. Terrorçylykly aksiýanyň netijesinde azyndan 143 adam ýogaldy, 180 adam ýaralandy, 95 adam dereksiz ýitdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ-Horasan terror guramasy öz üstüne aldy. ABŞ hem köp wagt geçmänkä hüjümiň şol gurama tarapyndan guralandygyny tassyklady. Gynansagam Kreml hüjümiň arkasynda Ukrainanyň bolup biljekdigini pikir edýär. 


Etiketkalar: #DAIŞ , #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar