Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyna soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde 16 adam ýogaldy
Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň goşuny Liwanyň serhet zolagynda ýerleşýän Nakura etrapçasyndaky kafeleriň birine raketa bilen hüjüm gurady.
Nakuradaky hüjümde azyndan 3 adam ýogaldy we ençeme adam ýaralandy.
Ysraýylyň goşuny mundan başgada Teýr Harfa etrapçasyndaky Yslamy Skaut jemgyýetine degişli raýat goranyş toparlarynyň ýerleşen bina howa hüjümini gurady.
Hüjüm sebäpli raýat goranyş toparyndan 6 adamyň ýogalandygy mälim edildi.
Ysraýylyň goşuny Habbariýe etrapçasyndaky Jemagat al Yslama degişli adatdan daşary ýagdaý toparyna garşy howa hüjümini gurady, 7 adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.