Ysraýylyň daşary işler ministri: "Hamas ýeňilişe sezewar edilýänçä çenli işlerimiz dowam eder" diýdi

Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Kats Gazadaky ysraýylly ýesirler yzyna gaýdyp gelýänçä we Hamas ýeňilişe sezewar edilýänçä çenli işlerini dowam etdirjekdiklerini beýan etdi

2120981
Ysraýylyň daşary işler ministri: "Hamas ýeňilişe sezewar edilýänçä çenli işlerimiz dowam eder" diýdi

Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Kats X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, Günbatar Iýerusalime sapar guran Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bilen gepleşikler geçirendigini habar berdi. 

Gepleşiklerde Gazadaky ynsanperwer meselelerde öňe gidişlik etmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada karara gelendiklerini aýdan Israel Kats: "Gazadaky ysraýylly ýesirler yzyna gaýdyp gelýänçä we Hamas ýeňilişe sezewar edilýänçä çenli işlerimiz dowam eder diýip aýtdym" diýip mälim etdi. 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok 25-nji martda Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen Kair şäherinde duşuşyk geçiripdi, ondan soň bolsa Palestina gidip ýurduň Döwlet baştutany Mahmud Abbas we täze Premýer ministri Muhammed Mustafa bilen duşuşyklar geçiripdi. 


Etiketkalar: #Gaza , #Germaniýa , #Ysraýyl

Degişli Habarlar