Ysraýyl asuda ilatyň galýan çadyr düşelgäni bombalady
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň galýan çadyr düşelgäni bombalamagy sebäpli, aralarydna çagalar hem bolan 12 palestinaly ýogaldy
Palestinanyň WAFA habarlar agentligi tarapyndan berilen maglumata görä Ysraýylyň harby güýçleri Han Ýunus şäheriniň günbatarynda ýerleşýän al-Mewasi sebitini bombalady.
Ysraýylyň harby uçarlarynyň hüjümlerinde ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň çadyrlaryny nyşana almagy netijesinde aralarynda çagalar hem bolan 12 palestinaly ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Ysraýylyň goşuny Gazanyň günortasynda Rafah şäheriniň tapawutly ýerlerinede howa hüjümlerini gurady. Şol hüjümlerde hem ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi.
Ysraýylyň goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri asuda ilatly ýerleri, mekdepleri, hassahanalary we ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň galýan gaçybatalgalary nyşana alýan hüjümlerini dowam etdirmek bilen birlikde, ynsanperwer kömekleriň Gaza girmegine päsgel berip halky açlyga sezewar eden 2,3 million ilatly Gaza zolagynda uly gumanitar betbagtçylyk başdan geçirilýär.
Hüjümlerde aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat bolan 32 müň 414 palestinaly ýogaldy, 74 müň 787 palestinaly ýaralandy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.