Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 140 adama ýetdi

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 140 adama ýetdi

2121195
Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 140 adama ýetdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Mihail Muraşko 22-nji martda "Krokus Siti Holl" konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli ýaralanan adamlaryň bejergileriniň dowam edýändigini habar berdi.

Bejergi alýan adamlaryň ýene-de biriniň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sanynyň 140 adama ýetendigini aýdan Mihail Muraşko, 19-synyň saglyk ýagdaýy agyr 80 adamyň bejergisiniň bolsa dowam edýändigini mälim etdi. 

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki "Krokus Siti Holl" konsert zalynda 22-nji mart güni agşam terrorçylykly hüjüm guralypdy. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde jemi 11 adamyň tussag edilendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar