Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.
![Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/1437/75e6/52ab/662b39159c53f.jpg?time=1722043200)
Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan-Buluçistan welaýatynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 2 adam öldürildi.
Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan welaýatyň Şuru etrapçasynda terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.
Hüjümde 2 adamyň öldürlendigi bellenildi.
Habarda “terrorçylar” hökmünde häsiýetlendirlen şahyslaryň haýsy gurama agzadyklary hakynda bolsa maglumat berilmedi.
Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Pakistanda serhedindäki Sistan-Buluçistan welaýatynda Jeýşul Adl atly gurama wagtal-wagtal ýaragly we bombaly hüjümler guraýar.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722043201)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy