Blinken DEAŞ-yň Henizem Hakyky Howp Bolup Durýandygyny Aýtdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken terror guramasy DEAŞ-yň “henizem hakyky howp” bolup durandygyny beýan etdi.

2120809
Blinken DEAŞ-yň Henizem Hakyky Howp Bolup Durýandygyny Aýtdy

Blinken paýtagt Waşingtonda Yragyň wise-premýeri we Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen geçiren duşuşygynda metbugata beýanat berdi.

Yragyžň sebitiň durnuklylygy taýdan “iňňän möhüm ähmiýete eýedigini” nygtan Blinken, “DEAŞ-yň henizem hakyky howpdugyny ýatdan çykarmalyn” diýdi.

“Uzak ýyllaryn dowamynda şol howpdan dynmak üçin alyp baran netijeli işlerimize garamazdan diňe birnäçe gün ozal Russiýadaky elhenç hüjüm bize DEAŞ-yň potensial güýjüni gorap saklaýandygyny ýatlatdy” diýen Blinken, anna güni Moskwadaky hüjümde pida bolanlaryň “ýasyny tutýandyklaryny” beýan etdi.

Entoni Blinken; “Ol, DEAŞ-a garşy göreşi dowam etdirmegimiz we onuň gaýtadan direlmändigine doly göz ýetirmegimiz üçin bize gynandyryjy ýatlatmadyr” diýdi.

Russiýadaky hüjümi ýazgaran Yragyň Daşary işler ministri Hüseýin hem ýurdunyň şol terror guramasyna garşy alyp barýan göreşine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar