ABŞ, Rafaha Guraljak Gury Ýer Operasiýasyna Garşy

Entoni Blinken Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen paýtagt Waşingtonda duşuşdy.

2120377
ABŞ, Rafaha Guraljak Gury Ýer Operasiýasyna Garşy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň Rafah şäherine gurajak gury ýer operasiýasyndan başga çykalgalaryň bardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Entoni Blinken Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen paýtagt Waşingtonda duşuşdy.

Duşuşykda Rafaha guraljak gury ýer operasiýasyna garşydyklaryny aýdan Blinken, başga çykalgalaryň bardygyny nygtady.

Blinken Ysraýylyň Goranmak ministri bilen bolan duşuşygynda Gazada asuda ilata berilýän ynsanperwer kömeginiň gyssagly artdyrylmagy meselesi hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar