Ukraina Russiýanyň Belgorod Şäherine Hüjüm Gurady

Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 7 adamyň ýaralanandygy nygtaldy

2119814
Ukraina Russiýanyň Belgorod Şäherine Hüjüm Gurady

Russiýanyň Belgorod şäherine Ukraina tarapyndan guralan hüjümde 1 adam ýogaldy.

Şäher häkimi Gladkow sosial mediadan beren habarnamasynda, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 23-nji martda ir ertir sagat 07.00-dan 24-nji marta ir sagat 07.00-a çenli guran hüjümlerinde 1 adamyň ýogalandygyny, 7 adamyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Gladkow hüjümler sebäpli ýaşaýyş jaýlaryna, 1 ammara, 3 jemgyýetçilik desga we 40 ulaga zeper ýetirlendigini belledi.

Rus howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina degişli 22 howa ulagyny urup düşürendigini aýdan Gladkow, hüjümde 4 adamyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem Ukrainanyň harby goşunynyň Moskwa wagty bilen 17.50 töweregi RM-70 kysymly raketa ulgamy bilen Russiýa hüjüm edendigini mälim etdi.

 

 



Degişli Habarlar