Ýerewanda Hüjüm Synanşygy Guraldy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda 3 adam granat bilen içeri işler müdirliginiň binasyna hücüm guramaga synanşdy.

2119583
Ýerewanda Hüjüm Synanşygy Guraldy

Ermenistanyň “Armenpress” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä şahsyýeti anyklanmadyk 3 adam granat bilen paýtagt Ýerewandaky Nor Nork etrabynyň İçeri işler müdirliginiň binasynyň öňüne bardy.

Hücümçiler içeri işler müdirliginiň gullukçylary bilen duşuşyp, käbir talaplaryny ýetirdiler, şol mahal granat ýaryldy.

Granadyň ýarylmagy neticesinde hücümçilerden ikisi ýaralandy. Ýaraly hücümçiler hassahana alynyp gidildi.

Hücümçilerden üçünsiniň aksiýa dowam edendigi we  içeri işler müdirliginiň gullukçylary bilen gepleşige dowam edendigi we soň täsirsiz ýagdaýa getirilip, saklanandygy habar berildi.



Degişli Habarlar