Moskwada Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 137 Adama Ýetdi

Russiýanyň Derňew topary, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 3-i çaga 137 adama ýetendigini habar berdi.

2119595
Moskwada Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 137 Adama Ýetdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada anna güni Krokus konsert zalyna guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 137 adama ýetdi.

Russiýanyň Derňew topary, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 3-i çaga 137 adama ýetendigini habar berdi.

Beýannamada, hüjüm hakynda gozgalan derňew işiniň dowam edýändigi, häzire çenli 62 jesediň şahsyýetiniň anyklanylandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan hüjüm bilen arabaglanşykly saklanan 11 şübheliden 4-i hakynda kazyýet işi gozgaldy.

Şübheliler Täjigistanyň raýatlary bolan Delerjon Mirzoýew, Saidakram Murodali Raçabalizoda, Fariduni Şamsidin we Muhammadsobir Faýzowyň 22-nji maýa çenli tussaglykda saklanmagy barada karar kabul edildi.

 

 



Degişli Habarlar