Ysraýyl 170 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Hüjümlerde ýogalanlaryň sany 32 müň 226, ýaralananlaryň sany bolsa 74 müň 518 adama ýetdi.
2119440
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 32 müň 226, ýaralananlaryň sany bolsa 74 müň 518 adama ýetdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň soňky 24 sagatda 8 hüjüm gurandygy nygtaldy.
Beýannamada soňky hüjümlerde 84 palestinalynyň ýogalandygy, 106 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy ýatladyldy.
Beýannamada Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 32 müň 226, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 74 müň 518 adama ýetendigine üns çekildi.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.