Ysraýyl Gazada 169 gün bäri gyrgynçylyk edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri 169 gün bäri dowam edýär

2119157
Ysraýyl Gazada 169 gün bäri gyrgynçylyk edýär

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde 32 müň 70 palestinalyny öldürdi, 74 müňden gowrak palestinalyny ýaralady. 

Ysraýylyň harby güýçleri Beýt Hanun, Jibaliýe we Nuseýrat bosgun düşelgelerine ýene-de hüjümler gurady. 

Artilleriýa bilen nyşana alynyp hüjüm guralan 9 ilatly zolakda 82 palestinalynyň öldürilendigi, 110 adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň Şypa hassahnasyna garşy gabawy we hüjümleri hem dowam edýär. 

Onlarça tanklar we harby ulaglar bilen gabaw astyna alynan hassahanda dermanlaryň ýetirilmezligi sebäpli ýene-de 3 adam ýogaldy. 

Ysraýylyň hassahana garşy soňky 6 gün bäri dowam etdirýän hüjümlerinde 160 palestinalynyň ýogalandygy we saglygy goraýyş işgärleri bilen birlikde jemi 600 adamyň saklanandygy aýan edildi. 

ÝUNISEF Gazadaky çagalaryň başlaryndan geçirýän dramalaryna ünsleri çekdi.

Ysraýylyň hüjümlerinden öň "Gazada ýeterlik iýmitlenmezlik hiç wagt mesele däldi" diýildi. 

ÝUNISEF açlyk sebäpli çagalaryň kagyz ýaly horlanandyklaryny mälim etdi. 

Ýewropa-Ortaýer deňizi Adam hukuklaryna gözegçilik guramasy Euro-Med Ysraýylyň Gazadaky palestinalylaryň ganyny elhenç ýagdaýda akdyrýandygyny, Şypa hassahanasynyň golaýyndaky onlarça öýi ýakandygyny aýan etdi. 

Ysraýylyň genosid jenaýatyny edýändigi bellenen ýazmaça beýanatda, Gazadaky zorlugyň howply ýagdaýda güýçlenýändigi bellendi.



Degişli Habarlar