Blinken Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu Bilen Duşuşdy

Netanýahu-Blinken duşuşygynda seljerlen ugurlar barada bolsa maglumat berilmedi.

2118961
Blinken Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu Bilen Duşuşdy

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Tel-Awiw bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy üçin gepleşik geçirilmegi meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän döwründe ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde şu gün irden Ysraýyla giden Blinken, Tel-Awiwde Netanýahu bilen duşuşdy.

Ysraýylyň Premýer-ministrliginden berlen beýannamada, Blinkeniň Ministrler kabinetiniň agzalary bilen hem duşuşjakdygy nygtaldy.

Beýannamada Netanýahu-Blinken duşuşygynda seljerlen ugurlar barada bolsa maglumat berilmedi.

7-nji oktýabrdan bäri Ýakyn Gündogar ýurtlaryna 6-njy saparyny guraýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Ysraýyldan öň Saud Arabystanynda we Müsürde saparda boldy.

 



Degişli Habarlar