Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, NATO-nyň Günorta Kawkazda barha artýan gatnaşyklaryna üns bilen gözegçilik edýändiklerini aýtdy

2117594
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi

Dmitriý Peskow, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Azerbaýjan, Gruziýa we Ermenistan sapary barada beýanat berdi.

Ady geçen ýurtlara guralan saparlaryň Kawkaz ýurtlarynyň özygtyýarly hukuklarydygyny aýdan Peskow, emma NATO-nyň sebitdäki täsirini we barlygyny giňeltmek synanyşyklarynyň Kawkazdaky ýagdaýyň durnuklylygyna we öňdengörüjiligine goşant goşup bilmejekdigini aýtdy.

Dmitriý Peskow Ýens Stoltenbergiň bu saparynyň Russiýanyň günorta serhetleriniň howpsuzlygy üçin howp emele getirip-getirmeýändigi bilen bagly soraga: "NATO-nyň Kawkazdaky barlygyny berkitmek baradaky umumy islegini gowy bilýäris we bu isleg göze görünýär" diýip jogap berdi.

Russiýanyň şol saparlara üns bilen gözegçilik edýändigini aýdan Peskow, resmi Moskwanyň hem esasan bu ýurtlar bilen gatnaşyklara we hyzmatdaşlyk gurallaryna ünsüni jemlemegi maksat edinýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar