Bütindünýä Banky Gaza Üçin Çagyryş Etdi

Bütindünýä banky Gazanyň halkynyň lukmançylyk enjamlary, azyk we ýaşaýyş üçin gerek bolan önümlere elýeterlilik boýunça çagyryş etdi.

2117720
Bütindünýä Banky Gaza Üçin Çagyryş Etdi

Bütindünýä bankynyn topary Gaza boýunça beýannama çap etdi.

Beýannamada çagalar we garrylar bilen bilelikde Gazanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy gytlyk çekýärkä Bütindünýä bankynyň adamlary halas etmek üçin gyssagly iş maksatnamasynyň düzülmegi boýunça çagyryş edýändigi nygtalyp; “Gazanyň halkynyň lukmançylyk enjamlaryna, azyga we ýaşaýyş üçin gerek bolan hyzmatlara bolan ähli serişdeler bilen çalt we giň gerimli göwrümde dessine, muzdsuz hem-de bökdençsiz elýeterliligi ýola goýmak üçin çagyryş edip, halkara jemgyýetçiligine goşulýarys” diýilýär.

Bütindünýä banky Gaza boýunça alyp barýan işleri hakynda-da maglumat berip, dekabr aýynda Bütindünýä banky toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň BMG-niň Çagalar Gaznasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen Gazada iş alyp barýan hyzmatdaşlaryna 35 million dollarlyk serişde wadasyny tassyklandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar