ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy

2116664
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Metropolitan Polisiýa departamentiniň resmisi Jeffri Kerroll Waşingtonyň demirgazyk-günbatar zolagynda ýaragly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Jeffri Kerroll 2 adamyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny, ýaralanan 5 adamyň hem hassahana gönükdirilendigini mälim etdi. 

Jeffri Kerroll hüjümçiniň entek saklanmandygyny beýan etdi. 

Waşingtonda geçen ýyl jenaýatlar 35 göterim derejesinde, ulag ogrulygy bolsa 2 esse artypdy. 

Waşingtonyň ýerli dolanşygy ýanwar aýynda jenaýat görkezijileriniň azaldylmagy bilen bagly döwlet howpsuzlyk kanunyny kabul edipdi. 



Degişli Habarlar