Salonikdäki Ýeni Jami Metjidi Oraza Baýramynda Ybadata Açylar

Gresiýanyň esasy şäherlerinden biri bolan Salonikidäki taryhy Ýeni Jami metjidiniň baýram namazy üçin ybadata açyljakdygy habar berildi.

2115855
Salonikdäki Ýeni Jami Metjidi Oraza Baýramynda Ybadata Açylar

Gresiýanyň Din işleri Baş sekretariatyndan berilen beýannamada 10-njy aprelde okaljak baýram namazy üçin Salonikidäki Ýeni Jami metjidi bilen Rodos adasyndaky Süleýmaniýe metjidiniň musulmanlaryň ulanmagyna beriljekdigi mälim edildi.

Ýeni Jami metjidi 2013-2014-nji ýyllarda-da baýram namazy üçin musulmanlaryň ulanmagyna berilipdi, emma Gübatar frakiýaly türkleriň saýlan müftüsiniň ymamlyk etmegine rugsat berilmändi.

Salonikide ýaşaýan musulmanlar hem grek hökümetiniň bellän ymamynyň yzynda namaza durman, protest edipdi.

2018-nji ýylda bolsa Ýeni Jami metjidinde 200 adam baýram namazyny ilkinji gezek Günbatar Frakiýada saýlanan saýlanan müftülik tarapyndan bellenen ymam we azançy bilen okapdy.

Salonikide Osman döwründe 1902-nji ýylda italian binagäri Witalýano Posellä gurdurylan Ýeni Jami metjidi 1925-1963-nji ýyllaryň aralygynda muzeý hökmünde ulanyldy.

Gresiýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 1986-njy ýylda abatlanan metjit, Saloniki şäher häkimligi tarapyndan sergi zaly hökmünde ulanylýar.

 



Degişli Habarlar