ÝB, Ukraina 5 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer

“Ukrainanyň ýeňiş gazanmagy üçin goldaw bermäge dowam ederis”

2115143
ÝB, Ukraina 5 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB-ne agza ýurtlar 2 ýyldan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina 5 milliard ýewrolyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Belgiýa tarapyndan berlen beýannamada, “Ýewropa parahatçylyk gaznasy” ady bilen Ukraina harby kömegiň berilmegi barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Beýannama görä, ÝB-ne agza ýurtlar, Ukraina berilýän harby kömekleriň 5 milliard ýewro çenli artdyrylmagy boýunça ylalaşyk gazandy.

ÝB-niň daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel mesele hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Ukrainanyň ýeňiş gazanmagy üçin goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

 


Etiketkalar: #harby kömek , #Ukraina , #ÝB

Degişli Habarlar