Russiýa Kasparowy Terror Sanawyna Goşdy

Russiýa ozalky bütindünýä küşt çempiony Garri Kasparowy terrorçylaryň we radikallaryň sanawyna goşdy.

2112082
Russiýa Kasparowy Terror Sanawyna Goşdy

Russiýanyň Maliýe gözegçilik gullugynyň internet sahypasyndaky terrorylaryň we radikallaryň sanawyna Kasparowyň hem goşulandygy habar berildi.

Kakasy ýehudi, ejesi ermeni bolan Russiýanyň raýaty Kasparow, 1985-2000-nji ýyllaryň aralygynda küştde dünýä çempiony boldy. 2005-nji ýylda küşt oýnamagy bes eden Kasparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine garşyu syýasy oppozision herekete goşuldy.

Birnäçe wagt soň daşary ýurtda ýaşamaga başlan Kasparow, 2014-nji ýylda Horwatiýanyň raýatlygyna geçdi.

2022-nji ýylda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagy sebäpli Prezident Putini tankyt eden Kasparow; “Ukrainanyň Russiýa harşy harby taýdan goldanmagy we rus ykdysadyýetiniň çökerilmegi” üçin çagyryş edipdi.

Kasparow 2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Russiýada “daşary ýurtly içalylaryň” sanawyna goşulypdy.



Degişli Habarlar