Kemeron Ysraýyly Basybalyjy Güýç Hökmünde Häsýetlendirdi

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kemeron Ysraýyly ýene-de bir gezek “basybalyjy güýç” hökmünde häsýetlendirdi.

2112259
Kemeron Ysraýyly Basybalyjy Güýç Hökmünde Häsýetlendirdi

Dewid Kemeron ýurdunyň paýtagty Londona sapar eden Ysraýylyň harby kabinetiniň agzasy Benni Ganz bilen geçiren duşuşygyndan soň beýannama berdi.

“Palestinalylar günsaýyn agyrlaşýan gumanitar çökgünligi başdan geçirýär” diýen Kemeron, Ganz bilen duşuşygynda Gaza ysanperwer kömeginiň artdyrylmagy we ýesirleriň ol ýerden çykarylmagy üçin çaknyşyklara “gumanitar arakesme” berilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Ministr Kemeron; “Ysraýyla gumanitar kömegiň geçirişiniň artdyrylmagy üçin ýene-de bir gezek gysyş etdim. Emma hiç hili netije göremizok” diýdi.

Şertleriň üýtgemelidigini beýan eden Kemeron; “Çaknyşyklara gyssagly arakesme berilmegi, Gazada ynsanper kömeginiň paýlanyş üpjünçiliginiň artdyrylmagy, gury ýer we deňiz ýoly bilen barýan kömek geçelgesiniň giňeldilmegi, ýaşaýyş jaý we infrastrakturanyň dikeldilmegi üçin möhüm ähmiýetli önümler bilen bilelikde Gaza geçirilmegine rugsat berilen ynsanperwer kömek görnüşleri giňeldilmeli” diýdi.

Dewid Kemeron Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky Rafaha harby hüjüm ähtimallygynyň hem “aladalandyryjydygyny” nygtap; “Gazadea basybalyjy güýç hökmünde Ysraýylyň asuda ilatyň ynsanperwer kömegine elýeterliligini üpjün etme borjy bar” diýdi.



Degişli Habarlar