Bolgariýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi

Bolgariýanyň Ministrler kabinetiniň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä Premýer-ministr Nikolaý Denkow arzasyny parlamenti berdi.

2111581
Bolgariýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi

Denkow, arzasyny hökümetiň şärigi Bolgariýanyň ýewropaly ösüşi üçin raýatlar partiýasyna (GERB) “geňeşmelere çakylyk” hökmünde häsýetlendirip; “Meniň wezipeden çekilmegiň syýasy oýun däl, ozal berilen sözüň netijesidir” diýdi.

Hökümetiniň täze hökümet gurulýança wezipesini dowam etdirjekdigini aýdan Denkow, Mariýa Gabriýeliň ýolbaşçylyk etjek hökümetinde özüniň orunbasar bolmagyna garaşýandygyny nygtady.

 GERB partiýasy bilen Özgerlişige dowam-Demokratik Bolgariýa ýaranlygynyň arasyndaky ylalaşyga görä Denkowuň 9 aýlyk iş möhleti 6-njy martda gutarýar.

Ýaranlygyň adyndan Premýer-ministr bolan Denkow, wezipesini GERB partiýasyna wekilçilik edýän Daşary işler ministri Mariýa Gabriýele tabşyrar.

Denkow 6-njy iýunda parlametden ynam sesini alyp, premýer-ministr bolupdy.

Denokwuň arzasynyň parlamentde kabul edilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar