Russiýa NATO-nuň Giňelmegine Garşy Iki Harby Sebit Döretdi

Bu barasynda Russiýanyň Goranmak ministri Beýannama berdi.

2111342
Russiýa NATO-nuň Giňelmegine Garşy Iki Harby Sebit Döretdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu NATO-nuň giňelmegine we Russiýanyň serhetlerinde harby potensial döretmegine garşy ýene-de iki sany täze harby sebit döredendiklerini habar berdi.

Şoýgu Goranmak ministrliginiň resmileri bilen geçiren maslahatynda ýurduň içinde täze harby zolaklaryň dördilendigini mälim etdi.

“Demirgazyk-günbatar we günbatar strategik taraplaryndaky harby birikmeleri güýçlendirmek üçin başlangyçlar etdik. Ýaragly güýçlerde Leningrad we Moskwa harby sebitlerinde iki ýörite sebitleýin strategik birikme döredildi” diýdi.



Degişli Habarlar