Putin Howpsuzlyk Geňeşinde Älem Giňişligindäki Howplara Garşy Boýunça Pikir Alyşdy

Kremlden berilen beýannama görä Putin Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen onlaýn formatda maslahat geçirdi.

2109808
Putin Howpsuzlyk Geňeşinde Älem Giňişligindäki Howplara Garşy Boýunça Pikir Alyşdy

Maslahata Rtussiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Federal Howpsuzlyk gullugynyň Müdiri Aleksandr Bornikow, Russiýanyň Daşarky howpsuzlyk gullugynyň Başlkygy Sergeý Naryşkin we beýleki resmi adamlar gatnaşdy.

Putin duşuşygyň metbugata açyk bölüminde eden çykyşynda günbatarda “Russiýanyň älem giňişligine ýarag ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigi” barada beýannamalaryň berilendigine ünsi çekip; “Beýle meýilnamamyz ýok” diýdi.

Älem giňişliginde ýüze çykmagy ähtimal howplaryň ortadan aýrylmagy meselesinin Russiýanyň üns merkezinde bolmalydygyny nygtan Putin, maslahatda şu mesela garaljakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar