Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady

Şwesiýanyň NATO-nyň 32-nji agzasy bolar

2107822
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady

Wengriýanyň Milli Mejlisi Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklady.

Düýn mejlisde geçirlen sese goýulşykda 188 halk deputaty Şwesiýanyň NATO agzalygy üçin “kabul” sesini berdi.

Sese goýulşykda 6 halk deputaty garşy ses berdi, 4 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

Wengiýanyň bu karary bilen birlikde Şwesiýa NATO agza ähli ýurtlaryň goldawyny aldy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.

Stoltenberg Şwesiýanyň NATO-nyň 32-nji agzasy boljakdygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: #agzalyk , #NATO , #Şwesiýa

Degişli Habarlar