Türkiyäniň ýerli we milli söweş uçary KAAN dünýäniň üns merkezinde

Türkiyäniň ýerli we milli söweş uçary KAAN-a daşary ýurt metbugatlarynda gyzyklanma artýar

2107000
Türkiyäniň ýerli we milli söweş uçary KAAN dünýäniň üns merkezinde

Esasan hem Aziýa ýurtlarynda KAAN bilen bagly habarlar ünsleri özüne çekýär. 

Sosial media ulanyjylary, Türkiyäniň 5-nji nesil söweş uçary bilen bagly öwgüli sözler aýdýarlar. 

Ýaponiýanyň ANN habarlar kanalynyň KAAN bilen bagly habarlary uly gyzyklanma döretdi. 

Ýaponiýanyň sosial media ulanyjylarynyň teswirleri ünsleri özüne çekdi. 

Teswirlerde: "Türkiye garaşsyzlyk düşünjesi bilen Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan hem has güýçlendi", "Türkiyä pes baha bermäň, olar täzeden beýgelmegiň ýolunda", "Türkiyäniň tehnologiki kuwwaty ajaýyp" diýip bellendi. 

Hytaýyň telewideniýe kanallary hem KAAN-yň ilkinji uçuşyny görkezdiler. 

Şanhaý telewideniýesi öz habarynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň "Türkiye 5-nji nesil söweş uçarlaryny öndürmekde ýene bir möhüm tapgyrdan geçdi. Türk Awiasiýa we älem senagat kärhanasy tarapyndan işlenip düzülen we öndürilen, iki turbowentilýator hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan, howada we gury ýerde söweşe ukyply KAAN söweş uçary, Türkiyede bar bolan F-16 söweş uçarlarynyň ýerine geçip biler" diýip belledi. 

Milli söweş uçary KAAN-yň F-16-laryň ýerine geçmegi we daşary ýurtlara eksport edilmegi meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar