Günbatar Halkara Hukugyň Ýerine Öz Kadalaryny Iş Ýüzüne Geçirtmek Ysleýar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbataryň halkara hukugyň ýerine öz kadalaryny iş ýüzüne geçirtmäge synanşýandygyny aýtdy.

2106171
Günbatar Halkara Hukugyň Ýerine Öz Kadalaryny Iş Ýüzüne Geçirtmek Ysleýar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Sergeý Lawrow Braziliýanyň Rio Deženero şäherinde geçirilen G20-niň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatynda çykyş etdi.

Günbataryň meçew bermegi sebäpli halkara aragatnaşygyň özenine palta urlandygyny nygtan Lawrow; “Döwletleriň özygtyýarly deňligi, içeri işlerine goşulyşmazlyk we halklaryn öz ykbalyny kesgitleme hukugy bilen ähliumumy hukuk kadalary, BMG-niň düzgünnamasynyň kadalary basgylanýar” diýdi.

Günbataryň, döwletleri halkara hukuk kadalarynyň ýerine öz kadalaryny  berjaý etmekleri üçin gysýandygyny beýan eden Lawrow; “Bu syýasatyň özeninde kolonializm, syýasy, ykdysady we gumanitar uğurlarda hökmürowanlyk sürmek arzuwy bar” diýdi.

Lawrow NATO-nuň rus serhetlerine tarap süýşmejekdigine söz berendigini, emma ýene-de giňelme syýasatyny alyp barýandygyny nygtap; “Energetika we azyk üpjünçilik ulgamy bozulýar. Ol hem açlyga, ýoksullyga we densizliğe sebäp bolýar. Şonuň ýanynda Gazadaky tragediýanyň göwrümli bilkastlaýyn kiçeldilýär. Ol ýerde çagalar we zenanlar bilen ölen asuda raýatlaryň sany Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki agdarlyşykdan soň Donbassda 10 ýylyň dowamynda iki tarapdan ölen adamlaryň sanyndan has köp” diýdi.

Global howpsuzlyga we bar bolan meselelere G20-niň çözgüt tapjakdygyna ynanmaýandygyny beýan eden Sergeý Lawrow, ykdysadyýet we söwda uğurlarynda hyzmatdaşlygyň açyk hem-de deňderejeli bolmalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar