“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”

Gustawo Petro, Russiýa bilen 2 ýyldan bäri söweşýän Ukraina ýarag kömegini bermejekdigini aýtdy.

2104754
“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Russiýa bilen 2 ýyldan bäri söweşýän Ukraina ýarag kömegini bermejekdigini aýtdy.

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde metbugata beýannama beren Prezident Petro, “Ukraina ýarag kömegi däl eýsem parahatçylyk üçin goldaw berilmeli. Kolumbiýa hökmünde meseläniň parahatçylyk ýagdaýda çözülmegi üçin elimizden geleni etmäge taýar” diýdi.

Petro, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmelidigini nygtap, “Kolumbiýa parahatçylyga goldaw bermek üçin Ukraina ýarag kömegini bermez. Emma taraplaryň arasynda gepleşik geçirilmegi üçin elinden geleni etmäge taýar” diýdi.

Ukraina ýarag kömegini bermegiň söweşiň dowam etmeginden başga işe ýaramaýandygyny aýdan Petro, halkara jemgyýetçiliginiň esasy böleginiň bu çaknyşyga garşydygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar