Hytaý Ukraina-Russiýa urşunda taraplara ýarag satmajakdygyny aýtdy

Hytaý 2 ýyl bäri uruş alyp barýan Ukraina we Russiýa ýarag satmajakdygyny beýan etdi

2104160
Hytaý Ukraina-Russiýa urşunda taraplara ýarag satmajakdygyny aýtdy

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, ministr Wan I 60-njy Mýunhen Howpsuzlyk maslahatyna gatnaşmak üçin baran Germaniýada ukrainaly kärdeşi Dimitro Kuleba bilen duşuşyk geçirdi. 

Wan I halkara ýagdaý nähili üýtgese üýtgesin, Ukraina bilen gatnaşyklaryny adaty ýagdaýda özgertmäge dowam etmek isleýändiklerini belläp: "Hytaý çaknyşyk zolaklaryna ýa-da gapma-garşy taraplara öldüriji ýaraglary satmaz" diýip belledi. 

Wan I maslahatda eden çykyşynda bolsa, Hytaýyň Ukraina krizisini döreden we tarap tutýan döwlet bolmandygyny, krizisden girdeji almaga synanyşmaýandygyny aýtdy.

Hytaýyň Ukraina krizisinde bitarapdygyny aýtmagyna garamazdan, uruş sebäpli Moskwany ýazgarmakdan saklanýan çemeleşmesi we uruş tapgyrynda Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy sebäpli, ABŞ-nyň we Günbatar döwletleriň tankydy belliklerine sezewar galýar. 

ABŞ Hytaýyň Russiýa ýarag we ok-däriler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýandygyny öňe sürüpdi. 

Ýewropa Bileleşigi resmi Pekinden Russiýa umumy harby we raýat ulanylyşy üçin önümleriň eksportyna gözegçilik edilmegini isläpdi. 

ÝB Komissiýasy geçen hepde Russiýa ikitaraplaýyn ulanylyşa eýe önümleri eksport edendigi sebäpli, Hytaýyň 3 kärhanasyna garşy sanksiýa girizilmegini teklip edipdi, teklip Wengriýanyň garşy durmagy bilen ret edilipdi. 


Etiketkalar: #ýarag , #Russiýa , #Ukraina , #Hytaý

Degişli Habarlar