Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wldimir Zelenskiý, maksatlarynyň NATO-nyň agzasy bolmakdygyny we muňa mynasypdyklaryna ynanýandygyny beýan etdi

2103871
Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi

Ukrainanyň Prezident ofisinden berilen ýazmaça beýanata görä, Wladimir Zelenskiý Germaniýada geçirilýän 60-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş etdi. 

Ukrainanyň harby birikmeleriniň Donetsk sebitindäki Awdeýewka şäherinden çekilmek baradaky kararynyň logiki we adalatlydygyny, sebäbi onuň zerur bolan ýaraglar gelýänçä çenli ukrainanlylaryň janlaryny goraýandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, Awdeýewkadaky ukrainaly esgerleriň gabalmazlyk üçin beýleki çäklere çekilendigini ýatlatdy. 

Zelenskiý entek ýaraglarynyň ýeterlik däldigini, Ukrainanyň artilleriýa we uzak aaralykly ýaraglara mätäçlik çekýändigini we bu meselede hyzmatdaşlaryndan goldawa garaşýandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň NATO agzalyk tapgyrynyň hem üstünde durup geçen Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak. Muňa mynasypdygymyza ynanýaryn. Ukrainany alýansa ýakynlaşdyrmak üçin elimizden gelen ähli zady ederis" diýip habar berdi. 

Zelenskiý Ukrainany NATO-nyň düzümine goşmak baradaky çakylygyň ýaranlyk karardygyny we ähli liderleriň entek muny goldamaýandygyny, şonuň üçin bu ugurdaky tagallalaryň dowam etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar