Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ysraýylyň Refah Şäherine Guran Hüjümlerini Ýazgardy

Refah şäherine guralan hüjümleriň, gyrgynçylyk jenaýatynyň dowamy hökmünde häsiýetlendirilýändigi bellenildi.

2102152
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ysraýylyň Refah Şäherine Guran Hüjümlerini Ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryndaky Refah şäherine guran hüjümlerini ýazgardy.

Gurama tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň, Gazanyň günortasynda 1,5 milliona golaý palestinalynyň ýaşaýan ýeri bolan Refah şäherine guran hüjümlerine garşylyk görkezildi.

Beýannamada, Ysraýylyň şähere guran hüjümlerinde çagalar we zenanlar bilen birlikde palestinaly ýüzlerçe adamyň öldürlendigi we ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Refah şäherine guralan hüjümleriň, Gaza Sektoryndaky halkyň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrandygy we gyrgynçylyk jenaýatynyň dowamy hökmünde häsiýetlendirilýändigi bellenildi.

Beýannamada, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriadaky palestinalylara edýän zulumy hem ýazgaryldy.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyndan berlen beýannamada, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň başda durmagynda halkara jemgyýetçiligine, Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi we Gaza Sektoryna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekleri barada çagyryş berildi.

 



Degişli Habarlar