Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň Gara deňiz flotyna degişli "Sezar Kunikow" atly uly desant gämisini ýok edendiklerini habar berdi

2102316
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri bilen Goranmak ministrliginiň Esasy Razwedka müdürliginiň hyzmatdaşlyk etmeginde, Russiýanyň Gara deňiz flotyna degişli "Sezar Kunikow" atly uly desant gämisiniň ýok edilendigi mälim edildi. 

Beýanatda gäminiň nyşana alynan mahaly Krymyň çäklerinde ýerleşýän Alupka ýaşaýyş zolagynyň golaýynda Ukrainanyň suw giňişliginde bolandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #Krym , #gämi , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar