ABŞ-nyň Siriýadaky Harby Merkezine Hüjüm Guraldy

Eýran tarapyndan goldanýan toparlar, ABŞ-nyň harby merkezine raketaly hüjüm gurady.

2101973
ABŞ-nyň Siriýadaky Harby Merkezine Hüjüm Guraldy

ABŞ-nyň Siriýadaky harby merkezine, Eýran tarapyndan goldanýan toparlar tarapyndan raketaly hüjüm guraldy.

Ýefrat derýasynyň günbatarynda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan toparlar, ABŞ-nyň harby merkezine raketaly hüjüm gurady.

Ýerli çeşmeleriň berýän habaryna görä, Meýadin etrabynda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygyndaky sebitde Amerikan güýçleriniň bolýan Ömer nebit giňişligine azyndan 3 raketa hüjümi guraldy.

Amerikan güýçleri bolsa, hüjüme 25 kilometr alysda ýerleşýän Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň bolýan pozisiýalaryna hüjüm guramak bilen jogap berdi.

Hasekede we Deýrizorda ýerleşýän Amerikan güýçlerine garşy ýygy-ýygydan uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralýar.

 

 



Degişli Habarlar