Wekiller Patalasy Ysraýyla Goldaw Taslamasyny Kabul Etmedi

ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Ysraýyla 17,6 milliard dollarlyk kömek bermek hakyndaky taslamany kabul etmedi.

2098652
Wekiller Patalasy Ysraýyla Goldaw Taslamasyny Kabul Etmedi

Wekiller Palatasyndan berlen we Ysraýyla 17,6 milliard dollarlyk goldaw bermek hakyndaky taslama “diňe Ysraýyla kömek bermegi göz öňünde tutup, Ukrainanyň başda durmagynda beýleki içeri we daşary syýasat ugurlaryny öz içine almaýandygy sebäpli” kabul edilmedi.

Sese goýulşykda 250 kabul sesi berilen bolsa, taslama garşy 180 ses berildi. Şeýlelikde taslamanyň kabul edilmegi üçin gerek bolan 2/3 köplügiň bolmandygy sebäpli kabul edilmedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem stoluna diňe Ysraýyla goldaw bermegi göz öňünde tutýan, emma Ukraina we serhet howpsuzlygy bilen bagly maddalary öz içine almaýan taslama gelen halatynda, ony weto etjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar