Putin: "Uçar Patriot ulgamy bilen nyşana alyndy" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, düzüminde ukrainaly 65 ýesir bilen birlikde jemi 74 adam bolan rus uçarynyň Amerikan Patriot howa goranyş ulgamy bilen nyşana alynyp, ýere gaçyrylandygyny habar berdi

2096038
Putin: "Uçar Patriot ulgamy bilen nyşana alyndy" diýdi

Mart aýynda geçiriljek Prezident saýlawynda garaşsyz dalaşgär bolan Wladimir Putin, paýtagt Moskwa şäherindäki "Gostinyý Dwor" binasynda saýlawdaky ygtyýarlandyrylan wekiller bilen duşuşyk geçirdi.

Ol ýerde çykyş eden Wladimir Putin geçen hepde Belgorod sebitinde düzüminde ukrainaly 65 ýesir bilen birlikde jemi 74 adam bolan rus "İl-76" kysymly uçaryna guralan hüjümiň üstünde durup geçip: "Uçar Amerikan howa goranyş ulgamlary bilen nyşana alyndy. Ol çürt kesik anyklandy. Uçary nyşana alan raketa Ukrainanyň gözegçiligindäki territoriýadan uçuryldy" diýip beýan etdi.

Ukrainanyň uçara hüjüm guramak bilen jenaýat edendigini aýdan Wladimir Putin, Günbataryň bu hadysanyň üstüni ýapmaga synanyşýandygyny, waka bilen bagly halkara derejede derňewiň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. 



Degişli Habarlar