Ysraýyl Gazadaky tunelleriň deňiz suwy bilen doldurylýandygy baradaky habarlary tassyklady

Ysraýylyň goşuny 7-nji oktýabrdan bäri hüjümleriniň dowam edip gelýän Gaza zolagynda käbir tunelleriň deňiz suwy bilen doldurylandygy baradaky habarlary tassyklady

2095438
Ysraýyl Gazadaky tunelleriň deňiz suwy bilen doldurylýandygy baradaky habarlary tassyklady

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Hamasyň harby şahasy Izeddin Al-Kassam toparyna degişli tunellere uly mukdarda deňiz suwunyň guýulýandygy habar berildi. 

Ýerine ýetirilýän inženerçilik işleriniň çäginde nasoslar we turbalar arkaly tunellere suwuň ugradylýandygy bellenen beýanatda, toprak we suw ýollaryny seljermek arkaly ýerasty suwlara zeper ýetmeginiň öňüniň alynýandygy öňe sürüldi.

Beýanatda: "Soňky ýyllarda Ysraýylyň goşuny we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň resmileri tarapyndan oýlanyp tapylan bu ýol arkaly, Hamasyň Gaza zolagyndaky ýerasty infrastrukturasyna garşy operasiýa geçirilýär" diýip bellendi. 


Etiketkalar: #deňiz , #suw , #Hamas , #tunel , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar