Kanada Türkiyä garşy ýarag çäklendirmelerini ýatyrdy

Kanadanyň hökümedi Türkiye bilen söwda etmek isleýän goranyş senagaty kärhanalaryna 2020-nji ýylda girizen eksport çäklendirmelerini ýatyrandygyny habar berdi

2095014
Kanada Türkiyä garşy ýarag çäklendirmelerini ýatyrdy

Kanadanyň hökümediniň resmi internet saýtynda eksportçy kärhanalara berilen beýanatda, ýarag çäklendirmeleriniň ýatyrylandygy mälim edildi. 

Beýanatda 2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkiyä goranyş senagaty bilen baglanşykly käbir önümleriň eksport edilmegi bilen bagly ýüz tutmalary ret etmek syýasatyny durmuşa geçirilmäge başlanandygy ýatladylyp: "Bu bildiriş bilen  ret etmek syýasaty şu günden başlap güýçde däldir" diýip aýan edildi. 

Kanadanyň hökümedi Ermenistan tarapyndan basylyp alynan Azerbaýjana degişli territoriýa garşy 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başladylan we 44 gün dowam eden II Daglyk Garabag söweşinde Azerbaýjanyň ýanynda durmagy sebäpli Türkiyä garşy ýarag embargosyny girizipdi.  



Degişli Habarlar