“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”

Stoltenberg, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Waşingtonda metbugata beýannama berdi

2095092
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Eýranyň sebitiň durnuklylygyny bozýandygyny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Waşingtonda metbugata beýannama beren Stoltenberg “awtorital ulgamlara” garşy durulmalydygyna ünsi çekdi.

Howpsuzlygyň halkara meseledigini aýdan Stoltenberg, Eýranyň ýurduň içinde basyş edijisi, daşynda bolsa hüjüm edijisi syýasat alyp barýandygyny nygtap, “Eýran, Ýakyn Gündogaryň durnuksyzlaşmagyndan jogapkär” diýdi.

Eýranyň Gyzyl deňizde gämilere hüjüm guraýan Husilere goldaw bermegine alada bildirýändigini aýdan Stoltenberg, şol aksiýalaryň sebitdäki dartgynlygyň möwjemegine meçew berýändigini ýatlatdy.

Russiýa-Ukraina söweşinde Russiýanyň üstün çykmagynyň Eýrana, Demirgazyk Koreýa we Hytaýa ruhy taýdan goldaw berjekdigini aýdan Stoltenberg, munyň Ýewropa we ABŞ üçin diýseň howpludygyna ünsi çekdi.

NATO-nyň Ukraina goldaw bermeginiň möhümdigini nygtan Stoltenberg, “Ukraina berilýän goldawlar haýyr-sahabat däl, eýsem öz howpsuzlygymyz üçin maýa goýmak” diýdi.



Degişli Habarlar