Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy

Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Aden aýlagynda ABŞ-nyň harby-flotyna degişli gämini raketalar bilen nyşana alyp, hüjüm gurandyklaryny habar berdi

2094706
Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy

Husileriň metbugat geňeşçisi Ýahýa Seri X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, ýemeniň günortasyndaky Aden aýlagynda Husiler tarapyndan guralan hüjüm bilen bagly maglumat berdi. 

ABŞ-nyň harby-flotyna degişli "Lewis B Puller" atly gämini "amatly deňiz raketasy" bilen nyşana alandyklaryny aýdan Ýahýa Seri, ady agzalan hüjümiň Palestinanyň halkyna goldaw we ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň Ýemene garşy guran hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen amala aşyrylandygyny habar berdi. 

Beýanatda: "Gäminiň ýerine ýetiren wezipeleriniň arasynda ýurdumyza garşy hüjümlere goşulyşan ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine logstika taýdan goldaw bermek bardy" diýip aýdan Ýahýa Seri, Gazadaky hüjümler bes edilýänçä we gabaw aýrylýança çenli, Ysraýyla degişli bolan ýa-da Ysraýyl portlaryna barýan gämilere päsgel bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar