“Hüjümiň Eýran Tarapyndan Goldanýan Toparlar Tarapyndan Guralandygyny Bilýäris”

Baýden “Hüjümiň Siriýada we Yrakda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan toparlar tarapyndan guralandygyny bilýäris” diýdi.

2094424
“Hüjümiň Eýran Tarapyndan Goldanýan Toparlar Tarapyndan Guralandygyny Bilýäris”

ABŞ-nyň Iordaniýa ornaşdyrlan harby güýçlerine garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde amerikaly 3 esgeriň ýogalandygy habar berildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, “Iordaniýanyň demirgazyk gündogarynda Siriýa serhediniň golaýyna ornaşdyrlan harby güýçlerimize garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 3 amerikan esgeri öldürildi, birnäçe adam hem ýaralandy” diýdi.

Hüjüm hakynda degişli maglumatlary almaga dowam edýändiklerini ýatladan Baýden “Hüjümiň Siriýada we Yrakda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan toparlar tarapyndan guralandygyny bilýäris” diýdi.

Hüjüme degişli gaýtawulyň görkezjiljekdigini aýdan Baýden “Bu söweşe garşy göreşmäge dowam ederis” diýip belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin hem “Amerikan güýçlerine guralan hüjümlerden Eýran tarapyndan goldanýan toparlar jogapkär. Biz islän ýerimizde we islän wagtymyz hüjüme degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.

Hüjüm hakynda ýazmaça beýannama beren Ministr Ostin, Prezident Baýdeniň we özüniň Amerikan güýçlerine garşy guralan hüjüm meselesinde asla egişlik etmejekdigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeşigi CENTCOM tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Iordaniýanyň demirgazyk gündogarynda uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde amerikaly 3 esgeriň ýogalandygy, 34 esgeriň hem ýaralanandygy nygtalypdy.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda 7-nji oktýabrda başlan hüjümlerden bäri Yrakda we Siriýada iş alyp barýan Amerikan güýçlerine 150-den gowrak hüjüm guraldy.



Degişli Habarlar