ABŞ, Prezident Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklamagyna Kanagatlanma Bildirdi

Blinken “Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Şwesiýanyň NATO azalyk teswirnamasyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

2093766
ABŞ, Prezident Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklamagyna Kanagatlanma Bildirdi

ABŞ, Prezident R. T. Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalygy baradaky teswirnamany tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Şwesiýanyň NATO azalyk teswirnamasyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Şwesiýanyň agzalygy baradaky resminamalaryň Waşingtona gelmegine we Şwesiýanyň NATO-nyň 32-njy agzasy bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny ýatladan Blinken “Şwesiýa bilen NATO birlikde has güýçli” diýdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň sosial mediadan düýn beren habarnamasynda Prezident R. T. Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde TBMM-de kabul edilen teswirnamany tassyklandygy nygtalypdy.

Şwesiýanyň NATO agzalygy baradaky degişli karar Resmi gazetde hem çap edildi.

 



Degişli Habarlar