Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we Goranmak ministri Ýoaw Gallant gabaw astyndaky Gaza zolagyna garşy hüjümleriň dowam etjekdigini beýan etdiler

2090401
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Ysraýylyň günortasyndaky Newatim haraby howa bazasyna baryp, ol ýerde gözegçilik işlerini geçirdi. 

Gaza garşy hüjümleriň maksatlaryna ýetýänçä çenli dowam etjekdigini aýdan Netanýahu: "Hiç kim bize ýalňyz baha bermesin. Ýeňişe çenli howadan, gury ýerden we deňizden söweşmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Goranmak ministri Ýoaw Gallant hem Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini beýan etdi. 

Harby birikmeleriň birine baryp gören Gallant, ol ýerde eden çykyşynda: "Gazada ýesirler boldugy saýyn söweşi bes etmeris. Ýesirleri yzyna getirmegiň ýeke täk ýoly harby taýdan basyş" diýip habar berdi. 

Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm gurapdy.

Ysraýylyň goşuny bolsa oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi. 

Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy 7-nji oktýabrda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli öldürilen palestinalylaryň sany 24 müň adamdan geçdi. 

Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar