Günbatar Şeriada Ysraýyl tarapyndan guralan howa hüjüminde 6 adam ýogaldy

Ysraýyl Palestinanyň topraklaryna garşy hüjümlerini dowam etdirýär

2085306
Günbatar Şeriada Ysraýyl tarapyndan guralan howa hüjüminde 6 adam ýogaldy

Şu gün irden Ysraýylyň guran howa hüjüminde Günbatar Şeria sebitinde ýaşaýyş zolaklaryň biri nyşana alyndy.

Ysraýylyň Günbatar Şeriada guran howa hüjüminde 6 palestinaly ýogaldy.

Habar şu gün irden Ramallah şäherindäki Palestinanyň Saglygy goraýyş resmilerine esaslanyp metbugat gulluklary tarapyndan paýlaşyldy.

Jenin şäherçesindäki hüjüm birnäçe adamyň bir ýere jemlenen mahaly guraldy.

Ýerli habara görä ozal hem palestinalylar bilen Ysraýylyň goşunynyň arasynda ýaragly çaknyşyklar bbaşdan geçirilipdi.  



Degişli Habarlar