Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.
Eýranyň gündogarynda ýerleşýän Günorta Horasan welaýatynda kömür käninde bolan partlamada ýogalanlaryň sany 49 adama ýetdi.
Eýranyň döwlet teleýaýlymyna beýannma beren Günorta Horasanly ýolbaşçy Muhammed Ali Ahundi, Tebes etrabyndaky kömür käninde 21-nji sentýabrda bolan partlama hakynda maglumat berdi.
Magdan käninde bolan partlamada ýogalanlaryň sanynyň 38 adamdan 49 adama ýetendigini aýdan Ahundi, birnäçe wagt dowam eden gözleg we halas ediş işlerinden oňyn netije alyp bilmändiklerini belledi.
Ahundi “Şol sebäpli hem magdan käninde işleýän işçileriň ählisi ýogaldy. Tebes magdan käninde bolan partlamada häzire çenli 49 adam ýogaldy” diýdi.
Eýranyň gündogarynda ýerleşýän Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.
Degişli Habarlar
Ukraina Russiýa Garşy 121 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Hüjüm synanşyklarynda adam pidasynyň çekilmändigi bellenildi.
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan bilen Abbas Arakçi sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.