ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky söwda merkezleriniň birinde ýaragly çaknyşyk boldy

ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky söwda merkezleriniň birinde bolan ýaragly çaknyşykda 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

2080479
ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky söwda merkezleriniň birinde ýaragly çaknyşyk boldy

Kolorado ştatynyň Springs şäherindäki "Sitadell Mall" atly söwda merkezinde iki garşydaş toparyň arasynda ýaragly çaknyşygyň bolandygy habar berildi. 

Polisiýa işgärleriniň wakanyň bolan ýerine gelen mahaly ýarag bilen öldürilen 1 adamy we ýaralanan 3 adamy anyklandygy mälim edildi. 

Ýaralanan 3 adamyň bejergi edilmekleri üçin hassahana gönükdirilendigini aýdan polisiýa işgärleri, waka bilen arabaglanşykly bolandygy çak edilýän köp sanda adamy göz tussaglygyna alandyklaryny habar berdiler. 



Degişli Habarlar