Ukraina NATO Bilen Bilelikde Ýarag Öndürýär

Bu barada Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňşiniň Başlygy Oleksiý Danilow habar berdi.

2079697
Ukraina NATO Bilen Bilelikde Ýarag Öndürýär

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňşiniň Başlygy Oleksiý Danilow NATO bilen bilelikde ýarag önümçiliginiň başlandygyny we onuň gysga möhletde artdyrylmagyny meýilleşdirýändiklerini beýan etdi.

Danilow metbugata beren beýannamasynda; “Bilelikdäki önümçilik başlady we dowam edýär. Häzirki wagtda biziň üçin esasy zat bar bolan önümçilik mukdarynyň gysga möhletde artmagy. Aslyna garalanda dolulygyna tehniki mesele we üstünde işlenýär” diýdi.

Danilow Ukrainada öndürilen ýaraglaryň NATO-nuň standartlaryna laýyk gelýandigini nygtady.

Russiýa bilen söweşiň başlan gününden bäri ýapyk bolan howa menzilleriniň açylmagy hakynda-da durup geçen Danilow; “Raýat awiasiýasy üçin howa menzilleriniň howpsuzlygy we uçarlaryň ätiýaçlandyrylmagy ýaly käbir şertler ýerine ýetirilmeli. Howa menzilleri başga şertlerde açylmaz. Meseläni 2024-nji ýylda çözmek isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar