Daşary ýurtlardaky ukrainaly erkekler harby gulluga çagyrylar

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow öňümizdäki ýyl daşary ýurtlarda bolan ukrainaly erkekleriň hem harby gulluga çagyryljakdygyny mälim etdi

2079378
Daşary ýurtlardaky ukrainaly erkekler harby gulluga çagyrylar

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow Germaniýanyň "Axel Springer" toparyna degişli gazede beren beýanatynda, Ukrainanyň çäkleriniň daşynda ýaşaýan ýaşlary 25 bilen 60 aralygynda bolan ukrainaly erkeklere ýarag astyna alynmak üçin çakylyk ugratjakdyklaryny habar berdi. 

Her kimiň öňünde adalatly bolmak isleýändiklerini aýdan Umerow: "Biz çakylyk ugradarys. Gelmek we goşunyň düzüminde gulluk etmek olaryň hem haky" diýip belledi. 

Rüstem Umerow gulluk borjundan ýüz öwürýänleriň jezalandyryljakdygyny, emma onuň nähili ýagdaýda ediljekdigi barada işleriň dowam edýändigini habar berdi. 

Şeýle hem Umerow, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geljek ýyl Ukraina goldawyny dowam etdirjekdigine umyt bildirýändigini aýtdy.

Germaniaýda häzirki wagtda harby gulluga ýaramly takmynan 190 müň ukrainaly erkek ýaşaýar. 


Etiketkalar: #harby gulluk , #erkek , #Ukraina

Degişli Habarlar