Blinken Ýewropaly Kärdeşleri Bilen Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken fransuz, nemes we iňlis kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2079174
Blinken Ýewropaly Kärdeşleri Bilen Pikir Alyşdy

Blinken telefon söhbetdeşliginde “garaşsyzlyk Palestina döwleti” üçin kepilligini ýene-de bir gezek beýan etdi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýannama görä Blinken Fransiýanyň Daşary işler ministri Ketrin Kolonna, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok we Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Blinken telefon söhbetdeşliginde Gazada ynsanperwer kömekleriniň dessine ýetirilmeginiň, asuda ilatyň çekýän ýitgileriniň azaldylmagynyň we sebitdäki dartgynlygyň gowşadylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy boýunça wadasyny ýene-de bir gezek beýan eden Blinken, Gyzyl deňizde husileriň gamilere guraýan hüjümlerini ýazgardy we deňiz howpsuzlygynda hyzmatdaşlyk üçin çagyryş etdi.

Ministrler telefon söhbetdeşliginde Ukraina kömekler hakynda-da pikir alyşdylar.

 



Degişli Habarlar