Putin Prezident saýlawyna gatnaşar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawyna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

2074414
Putin Prezident saýlawyna gatnaşar

Rus habarlar agentligine görä Wladimir Putin, Kreml köşgünde harbylara medal gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. 

Wladimir Putin dabarada 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. 

Russiýanyň Parlamendiniň ýokary ganady Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Putiniň saýlawa gatnaşmak kararyny goldaýandygyny habar berdi. 

Federasiýa Geňeşi düýn Prezident saýlawynyň senesiniň kesgitlenmegi bilen baglanşykly maslahat geçirip, saýlawyň 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçirilmegi barada karar kabul edipdi. 

Russiýada soňky Prezident saýlawy 2018-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilipdi, Wladimir Putin sesleriň 76,69 göterimini alyp Prezident wezipesine saýlanypdy.



Degişli Habarlar