“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”

“Ýewropalylaryň Ukraina maliýe kömegini bermegi kynlaşýar. Biziň operasiýalarymyz bolsa dowam eder. Biziň ykdysadyýetimiz harby operasiýa şertlerine utgaşykly ýagdaýa geldi"

2072351
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ÝB-niň Ukraina maliýe kömegini bermeginiň kynlaşandygyny aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada metbugata beýannama berdi.

Finansial Taýmes gazetiniň, ÝB-de Ukraina maliýe kömeginiň berilmegi meselesinde düşnüşmezligiň bardygy hakyndaky habary barasynda durup geçen Peskow, ÝB-niň Ukraina maliýe kömeginiň bermeginiň kynlaşandygyny nygtady.

Peskow, “Ýewropalylaryň Ukraina maliýe kömegini bermegi kynlaşýar. Biziň operasiýalarymyz bolsa dowam eder. Biziň ykdysadyýetimiz harby operasiýa şertlerine utgaşykly ýagdaýa geldi” diýdi.



Degişli Habarlar